HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlarynyň himiýa ylmyndaky gazananlary: ylym ykdysadyýetiň hyzmatynda

Iýun 12, 2023 | 00:28 |9047
Himiýa pudagyndaky açyşlar adamlaryň adaty durmuşyny üýtgetdi. Bu dersiň
biologiýa, lukmançylyk, inženerçilik, oba hojalygyna goşan goşantlary iýmitiň,
aragatnaşygyň, kesel we şikes bejeriş usullarynyň hiluniň ep-esli ýokarlanmagyna
getiren häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi. Meşhur
himikleriň gazananlaryna asla kembaha seretmek bolmaz, sebäbi olar bolmasa häzirki
zaman dünýäsi düýbünden başgaça bolardy.Himiýa pudagyndaky açyşlar adamlaryň adaty durmuşyny üýtgetdi. Bu dersiň
biologiýa, lukmançylyk, inženerçilik, oba hojalygyna goşan goşantlary iýmitiň,
aragatnaşygyň, kesel we şikes bejeriş usullarynyň hiluniň ep-esli ýokarlanmagyna
getiren häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi. Meşhur
himikleriň gazananlaryna asla kembaha seretmek bolmaz, sebäbi olar bolmasa häzirki
zaman dünýäsi düýbünden başgaça bolardy.
Çeşme: foto

Himiýa pudagyndaky açyşlar adamlaryň adaty durmuşyny üýtgetdi. Bu dersiň biologiýa, lukmançylyk, inženerçilik, oba hojalygyna goşan goşantlary iýmitiň, aragatnaşygyň, kesel we şikes bejeriş usullarynyň hiluniň ep-esli ýokarlanmagyna getiren häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi. Meşhur himikleriň gazananlaryna asla kembaha seretmek bolmaz, sebäbi olar bolmasa häzirki zaman dünýäsi düýbünden başgaça bolardy.

Türkmen alymlary we olaryň ylmy işleri we açyşlary hem häzirki zaman himiýasynyň soňky gazananlaryna uly goşant goşdy. Adamzadyň häzirki ösüş derejesinde himiki açyşlar dürli iş ugurlarynda uly amaly ähmiýete eýe boldy. Şonuň üçin himiýa pudagyndaky täzelikler köplenç üzňelikde däl-de, beýleki ylymlar, bilim we amaly ugurlar: fizika, biologiýa, ekologiýa we galyndylary zyňmak we alternatiw energiýa ýaly häzirki zaman ugurlary bilen bilelikde hereket edýär. Bu ugurlarda himikleriň açyşlary aýratyn işjeň durmuşa geçirilýär we iş ýüzünde öz mynasyp ornuny tapýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyna şu ýyl Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň “Mineral goşundyly sement” we “Gaz arassalaýjy desgalary arassalamak üçin ulanylýan ýuwujy serişdäniň düzümi” üçin 2 patenti berildi. Türkmen alymlarynyň bu işleri dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önüme öwrülip, ýerli bazarda importyň ornuny tutdy.

Häzirki wagtda türkmen alymlary ýerli çig malyň we uglewodorodlaryň esasynda täze galyndysyz tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Mysal üçin, "Polimer we plastmassa materiallaryny gaýtadan işlemegiň ylmy usullary" maksatnamasynyň çäginde institutyň hünärmenleri wakuum gurşawynda "nefras" suwuklygyny ýygnamak tehnologiýasyny, ýagny dürli pudaklarda organiki erediji hökmünde ulanylýan senagat we tehniki önümi işläp taýýarladylar. Şeýle hem ol şaýlary ýuwup arassalamakda, gorag örtüklerini aýyrmakda, dürli hapadan tämizlemekde we ş.m. giňden ulanylýar.

Bu önüm nebit bitumynyň, polimer, aşgar we rezin galyndylarynyň, piroliz ýagynyň (pirosmol) kondensasiýasy arkaly alynýar. Täze himiki birleşme önümçilige “Nazarly gelejek” Hojalyk jemgyýetiniň sehlerinde ýola goýuldy, türkmen alymlary bolsa bu täze tehnologiki önümiň awtory boldular.

Şeýle hem alymlaryň polipropileniň we polietilentereftalatyň (PET) polimer galyndylaryndan emeli himiki önümleri öndürmek boýunça ylmy gözlegleri netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Sintepon we geotekstiller hakda aýdýarys. Ilkinji material, mysal üçin eşikleriň içligi, ýassykdyr ýorgan-düşegiň içini dolduryjy hökmünde we beýleki dürli tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Geotekstil bolsa ýokary tizlikli awto ýollaryň, gaz we nebit turbalarynyň, howa meýdançalarynyň, demir ýollaryň, şeýle hem dürli maksatly gurluşyk meýdançalarynyň gurluşygynda giňden ulanylýar.

Her ýyl 12-nji iýunda Türkmenistanda bellenilýän Ylymlar güni ýurtda ýöriteleşdirilen ylmy sergiler geçiriler, olarda türkmen alymlarynyň iň soňky açyşlary we oýlap tapyşlary giňden görkeziler. Bu sene 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilip, ylmy ýaýbaňlandyrmaga, zehinli alymlary ýüze çykarmaga we ýurtda ylmy işleriň ösmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly: “Ylym we tehnologiýa milli ykdysadyýetiň ganatlarydyr”. Türkmen jemgyýetiniň intellektual, ylmy we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, olaryň netijeli ulanylmagy ýurduň üstünlikli ösmegi üçin esasy şert bolup, Türkmenistany halkyň ýaşaýyş derejesi ýokary bolan öňdebaryjy, ykdysady taýdan gülläp ösýän döwletleriň hataryna goşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026