HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly tennisçiler taryhy ýeňiş gazandylar

Iýun 09, 2023 | 18:28 |6856
Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.
Çeşme: avtor

Türkemenistanyň ýaş tennisçileri taryhda ilkinji gezek 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda kümüş medal gazandylar.

Düýn – 8-nji iýunda geçirilen oýunda Özbegistanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başaran oglanlar ýygyndymyz sport ýaryşynda ikinji orunda ýerleşmegi başarypdylar. Türkmen tennisçilerine kümüş medal üçin oýnuň şu gün – 9-njy iýunda geçirilen jemleýji gününde täjigistanly bäsdeşlerinden üstün çykmak ýeterlikdi.

Milli ýygyndymyzyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň şägirtleri jemleýji oýunlary üstünlikli tamamlamagy başardylar. Ýekelikde geçirilen duşuşykda ildeşimiz Aly Geldiýew täjigistanly bäsdeşi Ahmad Wositowy 6:2 hasabynda ýeňdi.

Ýaş tennisçimiz Süleýman Hudaýberdiýewiň Alijon Wohitow bilen geçiren duşuşygy aýratyn şowhunly boldy. Ildeşimiz eýýäm oýnuň birinji tapgyrynda täjigistanly garşydaşyndan ynamly ýeňiş gazandy. Süleýman Hudaýberdiýew we täjigistanly ýaş türgen Alijon Wohitow tennis meýdançasynda çekeleşikli oýun görkezip, bu ýere ýygnanan janköýerlerde uly şowhun döretmegi başardylar. Umumylykda, oýnuň ykbaly 6:0 we 6:2 hasabynda türkmen türgeniniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Jübütleýin geçirilen oýunlar hem ildeşlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy. Ildeşlerimiz Nazargeldi Amangeldiýewiň we Aly Geldiýewiň täjigistanly Alijon Mirzoýewa we Ahmad Wositowa garşy görkezen sazlaşykly oýunlary ýeňiş gazanmaga şert döretdi.

Oýunlar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň ýaş tennisçiler ýygyndysynyň tälimçisi, sport ussady Ýuriý Rogusskiý öz begenjini “ORIENT-iň” habarçysy bilen paýlaşdy:

“Bu gün milli sport mekdebi üçin uly baýram. Biz gazanylan taryhy ýeňşe we medallara örän şat. Sebäbi türkmen tennisçileriniň görkezýän häzirki oýunlary şatlanmaga itergi berýär. Biz ýarym ýyl mundan ozal, Özbegistanyň ýygyndysyna garşy geçiren duşuşygymyzda asgyn gelipdik. Bu günki sport ýaryşynda biz olary diňe bir ýeňmän, eýsem, sport ýaryşynyň kümüş medalyny eýelemegi hem-de Aziýa çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik aldyk. Bu ýeňişlere begenmezlik asla mümkin däl”.

Täjigistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Abdurasul Mihidanow oýunda asgyn gelmekleriniň sebäbini tejribäň azlygy bilen baglanyşdyrdy: “Bizde tejribe, has dogrusy ussatlyk azlyk edýär. Bu sport saparymyz biziň ýurdumyzyň wekilleri üçin başlangyç oýundyr. Ol geljekde has gowy netijeleri gazanmakda gowy esas bolar”.

Tennis boýunça sport ýaryşyna gatnaşyjy gyzlar ýygyndymyz hem täjigistanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Ýaş tennisçilerimiziň düýnki günde – 8-nji iýunda geçiren duşuşyklarynda özbagistanly bäsdeşlerinden asgyn gelmekleri olara sport ýaryşynda 3-nji orundan ýokary derejäni eýelemäge mümkinçilik bermedi.

Aşgabatda geçirilen sport ýaryşynda Gazagystanyň iki ýygyndysy – oglanlar we gyzlar ýygyndylarynyň hiç biri-de garşydaşlaryndan ýeňlip görmediler, netijede bolsa, sport ýaryşynyň altyn medallaryna eýe boldular.

Oglanlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn sport ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji Özbegistanyň ýygyndysy hem üçünji orny eýelediler.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda, Özbegistanyň ýygyndysy sport ýaryşynyň kümüş medalyna eýe boldular. Gyzlar ýygyndysynyň hatarynda çykyş edýän ildeşlerimiz Anna Ponýatowa, Aýlar Kakabaýewa we Näzli Hudaýgulyýewa tennis ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldular.

Aşgabat şäherinde 5-nji iýunda badalga alan sebitleýin sport ýaryşyna Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan 30-dan gowrak türgen gatnaşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026