HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Leýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldy

Iýun 09, 2023 | 01:57 |11671
Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt
boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap
welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň
arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk
toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal
gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt
boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap
welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň
arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk
toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal
gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.
Çeşme: Türkmenistanyň küşt federasiýasy tarapyndan berildi

Anna güni, 8-nji iýunda, Gruziýanyň Batumi şäherinde tamamlanan «çalt» küşt boýunça dünýä çempionatynda 16 ýaşa ýetmedik gyzlar kategoriýasynda Lebap welaýatyndan mekdep okuwçysy Leýla Şöhradowa üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda FIDE ussat kandidaty ady bilen Leýla mümkin bolan 11 nutukdan 8 nutuk toplap, ýeňiji Aleksandr Şwedowadan (Russiýa) bary-ýogy bir nutuk, kümüş medal gazanan Kseniýa Normandan (Belarus) ýarym nutuk yzda galdy.

1440 reýtingi bilen ýaryşda 12-nji belgide elenen Leýla, ýaryşyň başynda birbada iki ýeňlişe sezewar boldy (şol sanda ikinji elemede Kseniýa Norman-dan, 1989). Ýöne ol muňa garamazdan başlangyç tolgunmany ýeňip geçmek üçin güýç tapdy we indiki 9 oýunda 8 nutuk gazanyp, şol sanda 2005 reýtinginiň eýesi çempiony hem ýeňip, hakyky söweş ruhyny görkezdi. Şeýle ajaýyp netije Leýlanyň öz reýtingini çalt oýunda birbada 170 nutuga ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

imgpsh_fullsize_anim-_32_.jpeg

Umuman alanyňda, 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky ýurdumyzyň iň gowy 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) Türkmenistandan ýaryşa geldiler. Beýleki kategoriýalarda Aşgabatly Amanmuhammet Hommadowyň (2244) 7-nji ornuny bellemelidiris. Ol 18 ýaşa çenli kategoriýada, ýaryşyň esasy bölüminde öňdebaryjy toparda boldy we hatda reýting lideri grossmeýster Wolodar Murzin (2554) bilen hem deňe-deň oýnady. Ýöne ýaryşyň soňky gününde dört oýunda bary-ýogy ýarym nutuk toplamagy başardy. Görnüşinden, aýgytly tapgyrlaryň tolgunmasy täsir etdi. Sebäbi bu Amanmuhammediň halkara derejesinde ilkinji çykyşy.

Шаблон изображения в тексте 4.jpg

Läle Şöhradowanyň (Leýlanyň dogany) 18 ýaşa çenli gyzlar kategoriýasynda sekizinji orny, onuň halkara derejesinde çykyş etmekde toplan tejribesini we şonuň bilen baglanyşykly garaşmalary göz öňünde tutup, şowsuzlyk diýip bileris.

Шаблон изображения в тексте 5.jpg

Şeýle hem, Maryly Alihan Batyrowyň mynasyp netijesini bellemek gerek - 10 ýaşa çenli oglanlar kategoriýasynda 11 nutukdan 7 nutuk toplap, 68 gatnaşyjynyň arasynda 14-nji orny eýeledi.

Bu, Batumide geçirilen «çalt» wagt gözegçiligi düzgünleri bilen geçirilen iki ýaryşyň ilkinjisi boldy, ýagny her oýunça her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut bölünip berildi.

Шаблон изображения в тексте 2.jpg

Türkmen gatnaşyjylarynyň aglaba köplügi ýaryşy sanawyň başynda tamamlady we böekleýin örän ýokary hilli oýun görkezdiler. Ýaş küştçülerimiziň köpüsiniň halkara ýaryşynda oýnamagyň ilkinji tejribesidigini göz öňünde tutsak, tolgunmany ýeňip geçmek käwagt kyn boldy.

Emma Leýlanyň üstünligi tutuş topara ynam döretdi we türgenleriň has durnukly hem-de ýokary derejeli psihologiki ýagdaýy 10-njy we 11-nji iýunda geçiriljek blits ýaryşlarynda has gowy netijelere umyt baglamaga mümkinçilik berýär. «Blits» düzgünleriniň her bir oýunça her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen 3 minut bölünip berilýändigini ýatladalyň.

Dünýä çempionatyna jemi 35 ýurtdan 500 töweregi ýaş küştçi geldi.

Topar ýaryşyň dowamynda tejribeli hünärmenler - Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew we toparyň ýolbaşçysy Sona Jumagulýewa tarapyndan taýýarlanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026