Türkmenistanyň ýaşlary Merkezi Aziýa tennis çempionatynda Özbegistanly ýaşdaşlaryny ýeňdiler


Türkmenistanyň milli ýygyndysy, 5-nji iýunda Aşgabatda başlanan 12 ýaşa çenli oglan we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň dördünji tapgyrynda Özbegistanyň toparyny ýeňdi.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda ORIENT-e habar berlişi ýaly, ýekelikde geçirilen ilkinji oýunda Ali Geldiýew Artýom Dogoworowy 6:1 6:0 hasabynda ýeňdi. Ikinji oýun Islomjon Tursunowy 6:1 6:2 hasabynda ýeňen Süleýman Hudaýberdiýýewe ýeňiş getirdi.
Jübüt garşylykda Nazargeldi Amangeldýewden we Ali Geldiýewden ybarat türkmen tandemi Kamranbek Tohirowyň we Artýom Dogoworowyň jübütini 6:2 6:4 hasabynda ýeňdi.
Gyzlar kategoriýasynda Mariýa Kimýagarowa Anna Ponýatowany 6:1 6:2 hasabynda ýeňdi, Muslimhan Turdimiridiwa bolsa Aýlar Kakabaýewadan - 6:0 6:3 hasabynda güýçli boldy. Jübütde Näzli Hudaýgulyýewa we Aýlar Kakabaýewa tandemi 6:0 6:1 hasabynda Zlata Nizamiýewa we Mariýa Kimýagarowa ýeňildi.
Paralel oýunlarda jemi 3:0 hasabynda Gazagystanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystany ýeňdi, şuňa meňzeş artykmaçlyk bilen Täjigistan Owganystandan üstün çykdy.
Ýeňişden soň türkmen topary Özbegistany ikinji setirden çykardy. Ýaryş jetwelinde Gazagystanyň milli ýygyndysy öňde barýar.
Gyzlar kategoriýasynda hem birinji orny Gazagystanyň topary saklaýar. Ikinji orunda Özbegistanyň topary bar. Türkmenistan ilkinji üçlügi ýapýar.
Jemleýji tapgyryň oýun maksatnamasynyň çäginde Türkmenistan we Täjigistan toparlary duşuşar, Gazagystan Özbegistan bilen, Owganystan bolsa Gyrgyzystan bilen ýaryşar.
ORIENT news








