HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Iýun 09, 2023 | 00:49 |6386
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
penşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Wengriýanyň premýer-
ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
penşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Wengriýanyň premýer-
ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Wengriýanyň premýer- ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.

Türkmen topragynda belent mertebeli myhmany garşylap we wekiliýetiň başynda Türkmenistana gelmäge berlen çakylygy kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýatlaýandygyny belledi. Şol döwürde türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Wiktor Orban muňa jogap edip, häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun tutýan Türkmenistana baryp görmek mümkinçiligine tüýs ýürekden begenýändigini aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy we Wengriýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy, türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy, hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiljek, 9-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleri barada aýdyp,birnäçe möhüm ugurlara ünsi çekdi.

Şeýlelik bilen, Milli Lideriň pikiriçe, syýasy we diplomatik ugurda Türkmenistan bilen Wengriýanyň başlangyçlaryny halkara arenasynda, ilkinji nobatda BMG we beýleki abraýly guramalarda öňe sürmek ugrundaky tagallalary utgaşdyrmak üçin daşary işler ministrlikleriniň özara gatnaşyklaryny dowam etdirmeli.

Geljegi uly ugurlar söwda, energetika, senagat hyzmatdaşlygy, logistika, oba hojalygy we hususy pudagy öz içine alýar. Islendik ykdysadyýetiň esasyny düzýän energetika barada durup geçen Halk Maslahatynyň Başlygy, iki ýurduň energetika çeşmeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçmegi meselesindäki ýeriniň gabat gelýändigini we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekdäki ornuny belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa iki gezek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan bu ugurda öňe süren rezolýusiýalarynyň awtorlary hökmünde çykyş etdi.

Tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolan Türkmenistan özara peýdaly hyzmatdaşlyga açyk bolup, bu mowzugy has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýar.

Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda ulag pudagynda özara gatnaşyklar, aragatnaşyk infrastrukturasyny giňeltmek we ulag-östaşyr geçelgelerini döretmek, esasanam Gündogar-Günbatar ugurlary bar.

Wengriýanyň dünýäde derman önümlerini eksport edýän ýigrimi ýurtdan biridigini göz öňünde tutup, derman senagatynda hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirildi. Türkmenistanda Wengriýanyň önümçiliginiň 150 töweregi derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary hasaba alnan. Türkmenistanda wekilhanasy bolan Gedeon Richter kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlan.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny öndürmek üçin bilelikdäki önümçilik desgasyny döretmek teklip edildi.

Wengriýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026