Türkmenistan BMG-nyň düzüminiň ýurdumyzdaky wekilhanalaryny giňeltmegi teklip edýär


Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG guramalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri we sebitdäki BMG guramalary bilen wideo konferensiýa geçirdi.
Hususan-da, duşuşyga BMG-nyň Ösüş çärelerini utgaşdyrmak boýunça sebit bölüminiň müdiri Gwi Ýop Son, Tährandaky ÝUNESKO-nyň Klaster ofisiniň müdiri Golda El Huri, BMG-nyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň edarasynyň sebit wekili Hans Fridrih Şodder, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik koordinatory Dmitriý Şlapaçenko we Guramanyň beýleki edaralarynyň: BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy, BMG-nyň Neşe we jenaýat bölümi, BMG-nyň Ilat Gaznasy, ÝUNISEF, BSGG, BMG sebitleýin öňüni alyş merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen BMG guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girdi. Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, ol Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr. Ministr ýurdumyzyň hökümetiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, durnukly ulag ulgamyny gurmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we beýleki ugurlar boýunça Gurama bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak isleýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň başlangyçlaryny halkara platformalarynda ara alyp maslahatlaşmagyň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň çäginde BMG- nyň Baş Assambleýasynyň we onuň bölümleriniň biziň ýurdumyz tarapyndan başlanan rezolýusiýalaryň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky «BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň orny», 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky «Merkezi Aziýa - parahatçylygyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň zolagy», 2023-nji ýylyň 16-njy maýy «Bütindünýä durnukly ulag güni», 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňiz basseýni üçin ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» we ş.m. rezolýusiýalary bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-nyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň arasyndaky durnukly ösüş, sanlylaşdyrma, durnukly ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, parnik gazynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, ynsanperwer ölçeg, adam hukuklarynyň taraplaryny, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmek, milli medeni mirasymyzy goramak, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ulanmak we durmuşa geçirmek, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we ýeke-täk saglyk başlangyçlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy.
«Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak mümkinçiligine garamak barada teklip berdi. Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, guramanyň we gurluşlarynyň Türkmenistandaky wekilçiligini ýokarlandyrmaga taýýardyklary mälim edildi. Şu nukdaýnazardan bellenen mowzuklar boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi»,-diýip Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, täze aragatnaşyk usullaryny tapmak baradaky teklipleri goldadylar we bu meselede garaýyşlaryny we pikirlerini paýlaşdylar.
Duşuşygyň netijesinde taraplar BMG-nyň Türkmenistanda ýöriteleşdirilen meýilnamalarynyň, şol sanda sebit derejesindäki meýilnamalarynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT news








