Ýewraziýa dag şypahanalarynyň bileleşigini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy


Üç esasy dag şypahanasy - Soçiniň “Rosa Hutor”, Gazagystanyň “Şymbulak” we Özbegistanyň “Amirsoý” şypahanalary ştab-kwartirasy Almatyda ýerleşýän Ýewraziýa dag şypahanalarynyň bileleşigini döretmek barada jarnama gol çekdiler – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Bu resminama şu günler Gara deňziň kenarynda, Soçidäki "Sirius" federal territoriýasyndaky ylym we sungat seýilgähinde geçýän Ýewraziýa Kongresiniň çäginde gol çekildi. Bu bileleşik üç döwletiň arasynda möwsümleýin dag syýahatçylygyny ýaýbaňlandyrmak, hünär tejribesini alyşmak we täze dag syýahatçylyk ugurlaryny döretmegiň umumy usullaryny işläp düzmek üçin döredilýär.
Ylalaşygyň çäginde üç ýurt - Russiýa, Gazagystan we Özbegistan Ýewraziýa giňişliginde içerki syýahatçylygy ösdürmek üçin umumy platforma döretmek barada ylalaşdylar. Bileleşigiň çäginde olar Ýewraziýa şypahanalarynyň bilelikdäki ösüşini, hünär aragatnaşygyny, tejribe alyşmagy we markalary berkitmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň tebigy we medeni mirasyny gorap saklamaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge ýardam eder.
Dag şypahanalarynyň Ýewraziýa bileleşigi beýleki ýurtlar we agzalar üçin açyklygyna galýar.
ORIENT news








