Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi


Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy Kasymaliýewiň: - “Ykjam we işjeň jemgyýetçilik güýji hökmünde ýurtlarymyzyň ýaşlaryna bu günki günde uly ynam bildirilýär. Siz Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleriniň üpjünçisi bolmaly. GDA- nyň Ýerine ýetiriji komitetine we Ýewraziýa ykdysady komissiýasyna geljek ýyl GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny guramak meselesine garamagy teklip edýärin" – diýen sözlerini getirýär.
Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen geçen ýyl Issyk-Kul oblastynyň Çolpon-Ata şäherinde GDA we EAEU ýurtlarynyň ilkinji ýaşlar forumynyň geçirilendigini ýatlatdy. Ol GDA we EAEU ýurtlarynyň häzirki Soçide geçiriljek ikinji ýaşlar forumynyň işiniň netijesiniň “dogan ýurtlaryň zehinli ýaşlarynyň ýewraziýa giňişliginde integrasiýa proseslerini çuňlaşdyrmak boýunça täze başlangyçlary” boljakdygyna ynam bildirdi.
ORIENT news








