Türkmen talybynyň Instagramda goýan bäsleşik roligi Ýewropa gezelenji utdy


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Rahmangylyç Annageldiýew ÝB-niň #Reels4SustainableEnergy sebitleýin bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, ol «Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary» (SECCA) taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Döredijilik görkezilişi Merkezi Aziýa döwletlerinden inženerçilik, energetika, daşky gurşaw we howa ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, ýaş alymlary we hünärmenleri ýygnady.
Reglamente laýyklykda bäsleşige gatnaşyjylar Reels-iň (Instagram platformasyndaky gysga şekilli rolikleriň) kömegi bilen ulanylmagy gündelik durmuşda adamlara birinjiden, elektrik energiýasyny tygşytlamaga, ikinjiden, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek etjek ýönekeýje endikleri görkezmelidiler.
Taslamalarda giň köpçülige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň (EGDÇ) artykmaçlygy we olaryň netijeliligi barada gürrüň bermek teklip edilýärdi, şeýle etmek bilen ýaşlaryň ekologiki medeniýetini ýokarlandyrmak we olary özüňi alyp barmagyň modelini üýtgetmäge höweslendirmekdi.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň üçünji ýyl talyby Rahmangylyç Annageldiýew ORIENT-iň habarçysy bilen söhbetdeşliginde tebigata aýawly garamak baý tejribesine daýanyp, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmagyň hasabyna elektrik energiýasyny tygşytly peýdalanmagyň ähmiýetini şekilli-sungat serişdeleriniň üsti bilen görkezmäge synanyşandygyny gürrüň berdi.
Şekilli görnüş atanyň ogly bilen dialogynyň esasynda guralyp, onuň barşynda çaga tebigy betbagtçylyklaryň döremeginiň sebäpleri, gündelik durmuşda elektrik energiýasyny tygşytlamagyň usullary hakynda sorag bermek bilen, olara gutarnykly jogaplary alýar.
Bäsleşigiň esasy maksady – energiýany tygşytlamagyň ekologiki we ykdysady artykmaçlyklaryny öňe sürmek, energiýa netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam etmek, jemgyýetiň EGDÇ-ni ulanmagyň möhümdigi barada habardarlygyny giňeltmek we ýaş nesiliň döredijilik mümkinçiligini mundan beýläk ösdürmegiň möhümligidir.
Bäsleşige 60-dan gowrak adam gatnaşdy, olardan altysy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
I ýer: Rahmangylyç Annageldiýew, Halkara gatnaşyklar instituty, DIM (Türkmenistan).
II ýer: Aýsulu Kolbaýewa, «Snow Leopard Foundation» Jemgyýetçilik gaznasy (Gyrgyzystan) we Aružan Ýeržanowa, ТОО «ЦАТЕК Green Energy» (Gazagystan).
III ýer: Arman Mahambetow, «KEGOC» PJ (Gazagystan), Muhit Askaruly, Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersiteti (Gazagystan) we Darhan Žaliýew, АО «Интергаз Центральная Азия» (Gazagystan).
Bäsleşikde ýeňiş gazanandygy üçin esasy baýrak energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, energiýa netijeliligi we durnukly energetika geçiş babatynda Ýewropanyň tejribesi bilen tanyşmak maksatly okuw gezelenji boldy.
Artur PETROSÝANS








