Azerbaýjanda türki dünýäniň edebiýatynyň we kitaplarynyň II Festiwaly geçirilýär


Bakuda türki dünýäniň edebiýatynyň we kitaplarynyň II Festiwaly geçýär. Bu barada Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) resmi saýtynda habar berilýär.
Bu ýyl Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan festiwalda türki dünýäniň halklarynyň meşhur medeniýet, sungat we edebiýat işgärleri, 50-den gowrak neşirýatlaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Myhmanlara Magtymguly Pyragynyň, Alişer Nowaýynyň, Abaý Kunanbaýewiň, Çingiz Aýtmatowyň we türk edebiýatynyň taryhynda çuňňur yz galdyran beýleki meşhur ýazyjylaryň kitaplary görkezildi.
Maksady — kitaplary köpçülige ýaýmak we okamaga bolan gyzyklanmany artdyrmak bolan festiwal 11-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň çäklerinde türki dünýäniň belli awtorlary bilen duşuşyklaryň we awtograf-sessiýalarynyň, kino görkezilişleriň geçirilmegine garaşylýar, şeýle hem bu medeni çäräniň çäklerinde Türki dünýäniň ýurtlarynyň günleri geçiriler.
ORIENT habarlar








