HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewrokomissiýa we BSGG sanly saglygy goraýyş babatynda iri taslama girişýärler

Iýun 07, 2023 | 14:48 |7090
Ýewropa komissiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy sanly saglygy goraýyş babatynda iri başlangyjy ýerine ýetirmegiň başlanandygyny yglan etdiler – diýip, BSGG-nyň saýtynda habar berilýär.Ýewropa komissiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy sanly saglygy goraýyş babatynda iri başlangyjy ýerine ýetirmegiň başlanandygyny yglan etdiler – diýip, BSGG-nyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: Shutterstock

Ýewropa komissiýasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy sanly saglygy goraýyş babatynda iri başlangyjy ýerine ýetirmegiň başlanandygyny yglan etdiler – diýip, BSGG-nyň saýtynda habar berilýär.

Hyzmatdaşlyk ilaty işe çekmekligi we bütin dünýäniň raýatlaryny bar bolan we geljekdäki saglyga abanýan howplardan goramaga ýardam etmäge niýetlenen täze global ulgamy döretmegi öz içine alýar.

Ulgam ÝB tarapyndan işlenip düzülen COVID-19 garşy sanjymyň şahadatnamalarynyň sanly mehanizmine esaslanar. Ol BSGG-nyň sanly lukmançylyk sertifikatlaşdyrmasynyň Global torunyň ilkinji elementi bolar we bütindünýä arassaçylyk-epidemiologik howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, sanly önümleriň giň görnüşleriniň çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

«Sanly saglygy goraýyşyň täze önümleri bütin dünýäde adamlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny tiz we netijeli bermegi üpjün etmek üçin döredilýär» – diýip, BSGG-nyň baş direktory Tedros Gebreýesus beýan etdi.

Öz gezeginde, ÝB-niň saglygy goraýyşyň we azyk önümleriniň howpsuzlygy meseleleri boýunça komissary Stella Kiriakide bu başlangyjyň ÝB-niň we BSGG-nyň ylalaşykly hereketleriniň hem ÝB ýurtlarynda, şeýle hem bütin dünýäde ähli adamlaryň saglygyny üpjün etmäge ýardam edýändiginiň aýdyň mysalydyr diýip, belledi.

Ýewropa Birleşigi tarapyndan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde kabul edilen esasy çäreleriň biri COVID-19 garşy sanjym barada sanly şahadatnamalaryň girizilmegi boldy. Soňlugy bilen bu ulgama ÝB-ne girmeýän döwletler hem birikdiler. ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde BSGG dünýäniň ýurtlaryna ikitaraplaýyn gabat gelýän sanly şahadatnamalardan peýdalanmaga rugsat edip, bu prosessi bütindünýä derejesinde utgaşdyrar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026