HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Iýun 03, 2023 | 23:11 |6610
Bütindünýä welosiped gününi bellemek 2-nji iýunda BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş
edarasynda geçirildi. Bu çäre, Bahreýniň, Ekwador, Hindistan, Indoneziýa,
Latwiýa, Lihtenşteýn, Polşa we Rumyniýanyň hemişelik wekilhanalary bilen
bilelikde BMG-de Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.Bütindünýä welosiped gününi bellemek 2-nji iýunda BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş
edarasynda geçirildi. Bu çäre, Bahreýniň, Ekwador, Hindistan, Indoneziýa,
Latwiýa, Lihtenşteýn, Polşa we Rumyniýanyň hemişelik wekilhanalary bilen
bilelikde BMG-de Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Bütindünýä welosiped gününi bellemek 2-nji iýunda BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi. Bu çäre, Bahreýniň, Ekwador, Hindistan, Indoneziýa, Latwiýa, Lihtenşteýn, Polşa we Rumyniýanyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde BMG-de Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.

Çärä BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy Çaba Kýorýoşi, Ählumumy aragatnaşyk boýunça baş sekretaryň kömekçisiniň orunbasary Melissa Fleming, Nýu-Ýorkdaky BMG-nyň işgärler birleşiginiň başlygy Aýtor Arauz, agza döwletleriň BMG-daky hemişelik wekilleri we BMG-nyň sekretariatynyň işgärleri gatnaşdy diýlip, türkmen hemişelik missiýasynyň sahypasynda habar berilýar.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa açylyşda eden çykyşynda çärä gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki «Bütindünýä welosiped güni» rezolýusiýasynyň başyny başlaýjy hökmünde Türkmenistanyň welosiped sürmegini wagyz edýän hökümetleriň, guramalaryň we şahsyýetleriň bu tagallalaryna ýokary baha berýändigini aýtdy.

imgpsh_fullsize_anim (23).jpg

Ilçi Ataýewa ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň öňräkki «Welosiped hemmeler üçin» kararynyň DÖM-nyň gazananlarynda, esasanam saglyk, bilim, gender deňligi we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda welosipedleriň möhüm orun tutýandygyny belledi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy Çaba Kýorýoşi we Ählumumy aragatnaşyk boýunça baş sekretaryň kömekçisiniň orunbasary Melissa Fleming, bu çärä agza ýurtlary diňe bir fiziki we akyl saglygyny gowulaşdyrmak üçin däl-de, eýsem jemgyýetde welosiped sürmek medeniýetini emele getirmek üçin welosipedlere üns bermäge çagyrdy. Ýagny, ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, hususan-da, pyýadalaryň we welosiped sürmek howpsuzlygyny goramak we gowulandyrmak, şeýle hem BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Durnukly ösüş üçin jemgyýetçilik ulag ulgamynda welosipediň köpçülikleýin ulanylmagyny girizmek» rezolýusiýasyna laýyklykda, welosiped sürmegi halkara, sebit, milli we milletara ösüş maksatnamalaryna goşmak üçin syýasaty we çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Şeýle hem olar, welosipedleriň dünýäde meşhurlygynyň soňky döwürde has işjeňleşendigini bellediler. Welosiped zolaklary we şuňa meňzeş infrastruktura bölünip berilýär, welosiped üçin goralýan duralgalar gurulýar we welosiped kärendesi ulgamy ösdürilýär. Şeýle syýasat şäher merkezlerini awtoulaglardan azaltmaga we daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga kömek edýär.

Resmi dabaranyň ahyrynda welosiped sürüşlik geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026