Türkmenistan tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginde (U-12) Owganystany ýeňdi


Türkmenistanyň ýygyndysy 12 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda 5-nji iýunda başlanan Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň ikinji tapgyrynda Owganystanyň toparyny ýeňdi.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda ORIENT-e habar bermeklerine görä, ýekelikdäki derejede birinji tutluşykda Ali Geldiýew Döwran Muhammet Gurbany 6:0 6:0 hasabynda ýeňdi. Ikinji oýun Süleýman Hudaýberdiýewe ýeňiş getirdi, ol edil şuňa meňzeş artykmaçlyk bilen Muzammil Aýubini ýeňdi.
Ugurdaş tutluşyklarda Gazagystan Täjigistany ýeňdi, Gyrgyzystan bolsa Özbegistandan ýeňildi.
Bu ýaryşyň Tennisiň halkara federasiýasynyň (ITF) ýardam etmeginde geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryşlara Türkmenistandan, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 30-dan gowrak tennisçi gatnaşýar.
Ýaryşyň jübüt we ýekelikdäki derejeleri döwrebap ýapyk kortlarda geçýär. Ýaryşlaryň esasy emini eýranly Seftedžani Mohammadhassan Laçinani. Birinjiligiň final ýaryşlary 9-njy iýunda geçer.
Artur PETROSÝANS








