HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň diplomatlarynyň Nýu-Ýorkdaky duşuşygynyň mowzugy boldy

Iýun 06, 2023 | 01:33 |6829
Duşenbe güni 5-nji iýunda, Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik
wekili Aksoltan Ataýewanyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
köptaraplaýyn gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ýongmin Park bilen duşuşygy
geçirildi.Duşenbe güni 5-nji iýunda, Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik
wekili Aksoltan Ataýewanyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
köptaraplaýyn gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ýongmin Park bilen duşuşygy
geçirildi.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Duşenbe güni 5-nji iýunda, Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ýongmin Park bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekilhanasynyň sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem halkara guramalarynyň, esasanam BMG-nyň çäginde iki ýurduň özara gatnaşygy barada konstruktiw pikir alyşyldy.

Diplomatlar BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalarynyň 2024- 2025-nji ýyllar aralygyndaky saýlawlary, hususan-da Koreýa Respublikasynyň dalaşgärligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministriň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Geňeşe saýlan halatynda aşakdaky ugurlara aýratyn üns bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy: parahatçylygy goramak we parahatçylygy gurmak; zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk; kiberhowpsuzlyk; howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy.

Aksoltan Ataýewa Ýongmin Parka ýetip gelýän saýlawlarda üstünlik arzuw etdi we Koreýa Respublikasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine umyt bildirdi.

Ilçi, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen rezolýusiýalaryny goldaýandygy we Koreýa Respublikasynyň wekiliniň «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» 77-nji sessiýanyň gün tertibiniň 61-nji maddasy boýunça şu ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň çekişmelerinde eden çykyşy üçin Koreýa Respublikasynyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Ataýewa şu ýyl Türkmenistanyň nobatdaky «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» ministrler forumyny geçirjekdigini belläp, Aşgabadyň Seul bilen sebitara we ikitaraplaýyn esasda özara peýdaly we köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirjekdigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026