Emomali Rahmon Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň geňeş agzalary bilen duşuşdy


Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon duşenbe güni Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň geňeş agzalary bilen duşuşdy. Oňa Duşanbe şäherine sapar bilen baran, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy Annageldi Ýazmyradow gatnaşdy.
Täjigistanyň Lideri duşuşyga gatnaşyjylary Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady we geçen döwür içinde Gaznanyň daşky gurşaw we durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde döredilen birleşme hökmünde öz ähmiýetini barha artdyrýandygyny belledi. Şeýle-de, gaznanyň amala aşyrýan işleriniň netijesinde suw, sebitleriň ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri oňyn çözgüt tapdy.

Fonda başlyklyk edýän döwründe Täjigistanyň onuň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini artdyrmak we ony berkitmek ugrunda tagalla edýändigi nygtaldy. Şeýle hem Prezident Emomali Rahmon suw baýlyklaryndan peýdalanmakda, esasanam oba hojalygynda, suwy tygşytlaýyş tehnologiýalaryny we amatly suwaryş usullaryny ornaşdyrmakda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyrdy.
Häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemegi we adatdan daşary bolýan tebigy betbagtçylyklar bilen birlikde dürli kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň daşky gurşawa abanýan howplara garşy agzybirlikde göreşmegini talap edýär – diýip, täjik lideri aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň we 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine we gaznanyň bu işdäki roluny güýçlendirmek üçin sebit ýurtlarynyň birleşmegine ähmiýetli goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
ORIENT news








