Türkmenistanlylar üçin GRE maksatnamasy boýunça ýüz tutmalaryň kabul edişligi açykdyr


Amerikan geňeşi Türkmenistanyň raýatlaryny GRE Maksatnamasyna — ABŞ-da we beýleki birnäçe ýurtlarda magistratura/doktorantura tabşyrmak prosessinde Graduate Record Examination (GRE) synagyna taýýarlanmak üçin zerur başarnyklary kämilleşdirmäge kömek etjek gibrid okuw maksatnamasyna gatnaşmaga ýüz tutmaga çagyrýar.
Bu kurs GRE-niň ähli düzüm böleklerine (Analytical Writing, Verbal Reasoning, Quantitative Reasoning), akademiki okamaga we hat ýazmaga, şeýle hem ABŞ-nyň okuw mekdeplerine girmek üçin ýüz tutmany tabşyrmak işine gönükdirilen 1 -hepdelik intensiw okuwdyr.
Dalaşgärleriň: ýokary bilimi bolmaly (bakalawr derejesi); Türkmenistanyň raýaty bolmaly we şol ýurtda ýaşamaly; iňlis dilini ýokary derejede bilmeli; ABŞ-da magistraturada/doktoranturada okamaga höwesli bolmaly.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler PDF formatyndaky anketany doldurmaly; tabeliň we bahalar bilen diplomyň elektron nusgasyny tabşyrmaly; şeýle hem iňlis dilinde bir akademiki ýa-da professional hödürnama hatyny tabşyrmaly. Ähli resminamalar şu gre@americancouncilstm.org elektron poçta arkaly 16-njy iýula çenli ugratmaly.
Goşmaça maglumat üçin +993 61 81-68-55 telefon belgisi arkaly ýüz tutmaly.
Graduate Record Examinations (GRE) — standart test bolup, ony ABŞ-da we beýleki birnäçe ýurtlarda diplomdan soňky maksatnamalara girmek üçin tabşyrýarlar. Testiň esasy wezipesi – talybyň analitiki, matematiki we dil başarnyklaryna baha bermekdir.
ORIENT habarlar








