Aşgabatda Merkezi Aziýanyň tennis boýunça birinjiliginiň (U-12) açylyş dabarasy boldy


Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň dabaraly açylyşy boldy.
Dabara birinjilige gatnaşýan agza-döwletleriň Döwlet baýdaklaryny çykarmakdan başlandy, olar elipbiý tertibinde arenada peýda boldy. Özboluşly parady çempionaty geçirýän döwletiniň baýdagy —Türkmenistanyň baýdagy jemledi.
Açylyş dabarasyna Tennisiň halkara federasiýasynyň wekili Amir Borgeýi we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baştutany Eziz Döwletow gatnaşdylar.
Toplumyň arenasynda türkmen döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýurduň folklor we tans toparlary aýdyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler.
Ýaryş Tennisiň halkara federasiýasynyň ýardam etmeginde geçirilýär (ITF). Ýaryşlara Türkmenistandan, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 30-dan gowrak tennisçi gatnaşýar.
Jübütleýin we şahsy derejelerdäki ýaryşyň tutluşyklary döwrebäp ýapyk kortlarda geçer. Ýaryşlaryň esasy emini bolup eýranly Seftedžani Mohammadhassan Laçinani çykyş eder. Birinjiligiň final oýunlary 9-njy iýunda geçer.
Birinji tutluşykda türkmen tennisçileri Gyrgyzystandan gelen bäsdeşleriniň garşysyna oýnarlar. Ugurdaş oýunlarda Özbegistan Täjigistanyň topary bilen duşuşar, Owganystanyň tennisçileri bolsa Gazagystanyň türgenleri bilen oýnarlar.
«Ähli toparlar ýaryşa gowy taýýarlykly geldiler. Biz ýeňiş gazanmak üçin ähli tagallalary ederis. Tennisiň halkara federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebitiniň jogapkär utgaşdyryjysy Amir Borgeýiniň bellemegine görä, bize ähli alty gatnaşyjy-ýurdy birleşdirmek başartdy. Haçanda ýaryş ilkinji gezek Aşgabatda geçirilende, 2019-njy ýylda hem şeýle bolupdy. Ynha indi Owganystanyň topary hem Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň arasynda» — diýip, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baştutany ORIENT-e gürrüň berdi.
Artur PETROSÝANS








