HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda rus filmleri we animasiýa hepdeligi geçiriler

Iýun 04, 2023 | 19:31 |9917
9-njy iýunda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda rus kinosy we
animasiýa hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň
habarçysyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky
ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa aýtdy.9-njy iýunda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda rus kinosy we
animasiýa hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň
habarçysyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky
ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa aýtdy.
Çeşme: ria.ru

9-njy iýunda paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda rus kinosy we animasiýa hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa aýtdy.

Alty günüň dowamynda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda rus kinorežisýorlarynyň täze işlerine, şeýle hem iň gowy animasiýa filmlerine tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.

— «Çeburaşka», «Gözbagçylar» we şuňa meňzeş, ýagny ýaňy-ýakynda çykan filmler görkeziler, - diýip Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi. – Ondan başga-da 12-nji iýunda Russiýanyň güni mynasybetli «Aşgabat» kinoteatrynda diňe bir klassiki filmiň görkezilişini däl, eýsem çagalary we ululary hem gyzyklandyrjak interaktiw maksatnamalary öz içine alýan uly çäräni gurnamagy meýilleşdirýäris.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan rus kino we animasiýa hepdeligi 14-nji iýuna çenli dowam eder.

Şeýle hem 11-nji iýunda Russiýa gününe bagyşlanan uly konsert geçirmek meýilleşdirilýär.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026