Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi


Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda şenbe güni geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, şol gün türkmenistanlylaryň müňlerçesi welosipedli ýörişe gatnaşdylar, baýramçylyk çäreleri paýtagtda bolşy ýaly, ýurduň sebitlerinde-de geçirildi.
Şeýle çäreler Türkmenistanda yzygiderli geçirilip, olar welosiped sürmegiň peýdaly taraplaryna we ekologiýa taýdan arassalygyna jemgyýetiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.
BMG Türkmenistanyň teklibi bilen welosiped sürmegiň jemgyýete edýän oňyn täsirini, şol sanda uglerod zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemegine garşy göreş we howanyň hilini gowulandyrmak ýaly meselelerde oňyn täsirini ykrar etmek maksady bilen Bütindünýä welosiped gününi yglan etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2022-nji ýylda durnukly ösüş üçin köpçülikleýin welosiped sürme hereketini jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna goşmak barada karar kabul etdi. Resminamada welosipediň daşky gurşawa zyýansyz durnukly ulag guralydygy bellenilýär.
ORIENT news








