Minskdäki türkmen diplomatlary we talyplary Bütindünýä welosiped gününi welosipedli ýöriş bilen belläp geçdiler


Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipelid ýöriş şenbe güni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy. Diplomatlar Minsk şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny hem bu çärä gatnaşmaga çagyrdylar.
Çäre belarus paýtagtynyň köli we welosiped ýodalary bilen gür baglyga bürenip oturan iň owadan künjekleriniň biri bolan ajaýyp şäher seýilgähinde geçirildi.

Ýöriş başlamazdan ozal, uly bolmadyk dabaraly çäre geçirildi, bu ýerde Bütindünýä welosiped gününiň ýurtlary we halklary birleşdirýän, parahatçylyk we raýdaşlyk, ruhy we beden saglygy ýaly dowamly gymmatlyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän baýramçylykdygy bellenilip geçildi. Ol parahatçylygyň habarçysy hökmünde sporty ösdürmek we ýaýratmak, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy ruhy we beden saglygyny berkitmek, şeýle hem jemgyýetde welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek serişdesi hökmünde Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäginde milli we ýerli derejede welosipedli ýörişleri guramak başlangyçlaryny goldady.

Şeýle hem welosipediň jemgyýetçilik ulag serişdeleri bilen deňeşdirilende, birnäçe artykmaçlygynyň bardygy bellendi. Bu daşky gurşawa zyýansyz we tygşytly - iki tigirli ulag daşky gurşawy hapalamaýar. Ýol peketlerini satyn almak we ýangyç bekedinde nobata durmak zerurlygy ýok. Bu hereketiň tizligi we amatlylyk: şäherdäki islendik dyknyşyklardan aýlanyp, täze gyzykly ýerleri açyp, iň amatly ugur boýunça hereket etmek mümkin. Bu - saglyk, sebäbi tigir sürmek goşmaça kaloriýalary ýakmagyň, myşsalary we bedeni berkitmegiň netijeli usulydyr, şol bir wagtyň özünde welosipedli gezelenç daşymyzy gurşap alan gözelliklere syn edip, lezzet almaga hem mümkinçilik döredýär.
ORIENT news








