HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan energetika we ulag arabaglanyşygy boýunça ÝB bilen bilelikdäki taslamalaryň tarapdary

Iýun 03, 2023 | 00:42 |8634
Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, türkmen wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen sammitinde eden çykyşynda aýtdy.Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, türkmen wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: erkin-too.kg

Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, türkmen wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Amannepesow, hususan-da, her ýyl “ÝB-Türkmenistan” komitetiniň mejlisleriniň geçirilýändigini, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.

Wise-premýer: – Biz bilelikdäki taslama ugurlarynyň giňeldilmegini goldaýarys – diýip aýtdy we bu maksatnamanyň serhet dolandyryşy, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak, hukuk goraýjy edaralaryň işi, söwdany ösdürmek, talyp we mugallym alyş-çalşygy, suw çeşmeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlaryny aýratyn belledi.

Amannepesow, şeýle hem, Merkezi Aziýada durnukly energiýa arabaglanyşygy, ýaşlar üçin başarnyklary ösdürmek we iş mümkinçilikleri babatynda ýaňy-ýakynda başlanan maksatnamalary we taslamalary belläp geçdi. Türkmenistan ÝB-niň sanlylaşdyrma, energetika, suw baýlyklary we howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlaryny goldaýar we bu ugurlarda bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklaýar.

"Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" görnüşindäki hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklar we ulag ugurlaryny ösdürmek ugurlary ileri tutulýan hasaplanýar.

1.jpg

Merkezi Aziýa, geosyýasy ýerleşişi sebäpli, ulag-üstaşyr aragatnaşyk pudagynda ägirt uly mümkinçiliklere eýe we bu potensial häzirki wagtda doly ulanylmaýar. Bu nukdaýnazardan, ýakynda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” atly ikinji Ykdysady forumyň çäginde hödürlenen Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag baglanyşyklary boýunça Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň geçiren barlaglary bellendi.

Şeýle-de bolsa, türkmen tarapy Owganystanyň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini öwrenmegi möhüm hasaplaýar, bu ugurlaryň ulanylmagy diňe bir ýük akymlary üçin täze ýollary açman, eýsem bu ýurduň ykdysady ösüşine hem goşant goşar.

Türkmenistan halkara we sebit derejesinde ulag pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurdaky birnäçe karary kabul edildi. Demir ýol, awtoulag, howa we suw transportyndan peýdalanmak arkaly howpsuz we özara bähbitli halkara geçelgeleri ösdürmek boýunça tagallalar dowam etdirilýär. Ýurtdaky sebitleýin we halkara ähmiýetli ulag infrastruktura desgalaryna iri maýa goýumlary goýulýar, şolaryň arasynda 2018-nji ýylda işe girizilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny aýratyn bellemek gerek.

Şol bir wagtyň özünde, ulag akymlarynyň ösüşiniň diňe ulag guramalarynyň işine, olaryň özara täsirine we infrastrukturanyň ýagdaýyna bagly bolup durýandygyny göz öňünde tutmak zerur. Bu işde gümrük we serhet gulluklary-da möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin olaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, serhetaşa täsirini berkitmek möhümdir.

Türkmenistan mümkinçilikleri, bar bolan kynçylyklary we olary ýeňip geçmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag guramalarynyň, döwlet-hususy pudagynyň wekilleriniň duşuşygyny guramak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürdi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti ulag we gümrük hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, transmilli hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, salgytlar we ýygymlar babatynda kadalary we düzgünleri sazlaşdyrmaga, umumy üstaşyr nyrhlaryny kesgitlemäge, gümrük we migrasiýa amallaryny ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslama garamagy teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026