HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Çagalary goramak güni mynasybetli ýubileý poçta markalary çykaryldy we geljegiň çagalaryna hatlar ýazyldy

Iýun 02, 2023 | 01:17 |10867
Halkara Çagalary goramagyň güni, Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde ÝUNISEF-iň dürli çäreleri bilen 1-nji iýunda Aşgabatda çagalaryň gatnaşmagynda bellendi.Halkara Çagalary goramagyň güni, Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde ÝUNISEF-iň dürli çäreleri bilen 1-nji iýunda Aşgabatda çagalaryň gatnaşmagynda bellendi.
Çeşme: предоставлено офисом ЮНИСЕФ в Туркменистане

Halkara Çagalary goramagyň güni, Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde ÝUNISEF-iň dürli çäreleri bilen 1-nji iýunda Aşgabatda çagalaryň gatnaşmagynda bellendi.

1-4.JPG

Filatelistleriň ýygyndylary, Türkmenistan tarapyndan Çaga hukuklary baradaky konwensiýanyň tassyklanmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý poçta markalary bilen doldurylar. Ýatlama seriýasy ýurdumyzyň her bir çaganyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek borjuny tassyklady. Olary ÝUNISEF bilen bilelikde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi çykardy.

2-3.JPG

Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasy Bilim ministrligi bilen bilelikde BMG-nyň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen interaktiw oýunlar görnüşinde çagalar üçin ýörite çäre gurady. Gyzykly we terbiýeçilik çärelerine we ýaryşlara gatnaşyp, okuwçylar öz hukuklary hem-de jemgyýetiň geljegini emele getirmekdäki öz möhüm orunlary barada köp peýdaly maglumatlary öwrendiler.

3-2.JPG

Bu çärä 60-dan gowrak mekdep okuwçysy we DÖM-nyň ýaş ilçileri gatnaşdy. Olara geljegiň çagalaryna öz arzuwlary hakda gürrüň berip we täze döwür baradaky pikirlerini paýlaşýan hat ýazmaklary teklip edildi. Soňra habarlar çarçuwalanyp, ÝUNISEF-iň ofisinde görünýän ýerinde goýuldy. Bu özboluşly kapsulalar 10 ýyl soň 2033-nji ýylyň ýaş nesli tarapyndan açylar we okalar hem-de geçmişdäki çagalaryň islegleri we umytlary barada öwrenerler.

4-1.jpg

Şeýle hem, ÝUNISEF-iň wekilleri 1-nji iýunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrligi tarapyndan gurnalan Halkara çagalar gününe bagyşlanan her ýylky konferensiýa gatnaşdylar. Forum paýtagtyň Ene we çaganyň saglygynyň ylmy-kliniki gözleg merkezinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çar künjeginden gelen lukmanlar, şol sanda Aşgabat we welaýat merkezleriniň baş çaga lukmanlary hem-de akuşer-ginekologlary gatnaşdy. Gatnaşanlar ene süýdi bilen iýmitlendirmek, çaganyň irki ösüşi, immunizasiýa we beýleki meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň iň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

5-1.JPG

«Halkara çagalar gününi bellemek Türkmenistan üçin möhüm waka öwrüldi. Bu bolsa döwletiň çagalaryň abadançylygyna we hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine hemişe ygrarlydygyny tassyklaýar. ÝUNISEF, hökümet wekilleri, bilim edaralary we habar beriş serişdeleri ýaly ähli hyzmatdaşlarymyzy çekmek bilen çagalary goramak baradaky köpçülikleýin ygrarlylygy güýçlendirmegi hem-de oňyn özgerişler üçin herekete itergi bermegi maksat edinýär»,-diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi aýtdy.

6-1.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026