HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Daşary işler ministrliginiň derejesinde türkmen-fin gepleşikleri geçirildi

Iýun 02, 2023 | 00:58 |10276
Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-fin gepleşikleri penşenbe güni 1-nji iýunda Aşgabatda geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Finlýandiýa tarapyna Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň baş müdiri Mariýa Elina Liiwala ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-fin gepleşikleri penşenbe güni 1-nji iýunda Aşgabatda geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Finlýandiýa tarapyna Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň baş müdiri Mariýa Elina Liiwala ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-fin gepleşikleri penşenbe güni 1-nji iýunda Aşgabatda geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Finlýandiýa tarapyna Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň baş müdiri Mariýa Elina Liiwala ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.

«Taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar», - diýip Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň, ÝB-niň we ÝHHG-nyň çäginde mundan beýläkki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler, şu ýylyň maý aýynda parlament dostluk toparyny döretmegiň möhümdigini belläp, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygyny nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmegiň tarapdarydygyny beýan etdiler.

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine üns berildi. Bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek teklip edildi.

«Şeýle hem diplomatlar ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim we ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar»,-diýip Türkmenistanyň DIM-de goşdylar.

Türkmenistan we Finlýandiýa Respublikasy 1992-nji ýylyň 10-njy iýunynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we şu ýyl 31 ýyllygy bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026