Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

ÝHHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Baştutanyna Arkadag şäheri we Türkmenbaşy porty barada şahadatnamalary gowşurdy

Iýun 02, 2023 | 22:35 |11743
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşykda ol döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşykda ol döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.
Çeşme: tv.online.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşykda ol döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow Helga Şmidi ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen gutlady we ýurduň daşky gurşaw ýolunda ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyny tassyklaýan güwanamalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

1-3.jpg

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilşi ýaly, bu netijeli hyzmatdaşlyk her ýyl Türkmenistanyň hökümeti we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan döredilen bilelikdäki maksatnamalaryň çäginde üstünlikli ösýär.

Hormatly Prezidentimiz we myhman halkara syýasaty hem-de howpsuzlyk mowzuklarynda pikir alyşdylar. Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan geçirilen “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň üns çekildi.

2-3.jpg

Serdar Berdimuhamedow halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunda energiýa serişdelerini halkara bazara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026