HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Messi möwsüm tamamlananda PSG-ni terk eder

Iýun 01, 2023 | 21:04 |7945
Fransuz "Pari Sen-Žermen" klubynyň baş tälimçisi Kristof Galtýe argentinaly
hüjümçi Lionel Messiniň möwsüm tamamlananda futbol klubyny terk etjekdigini mälim
etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.Fransuz "Pari Sen-Žermen" klubynyň baş tälimçisi Kristof Galtýe argentinaly
hüjümçi Lionel Messiniň möwsüm tamamlananda futbol klubyny terk etjekdigini mälim
etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme: Reuters

Fransuz "Pari Sen-Žermen" klubynyň baş tälimçisi Kristof Galtýe argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň möwsüm tamamlananda futbol klubyny terk etjekdigini mälim etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Žurnalist Fabrisio Romano öz Twitterinde Galtýeniň: "Maňa futbol taryhynda iň gowy hasaplanýan oýunça tälim bermek miýesser etdi. “Klermont” topary bilen duşuşyk Leonyň "Parc des Prens"-däki iň soňky oýny bolar" – diýen sözlerini gerirýär.

Messiniň Pari Sen-Žermen bilen şertnamasy möwsümiň ahyrynda tamamlanýar. Ozal KHBS-de 35 ýaşly futbolçynyň 75% azaldylan zähmet hakynyň teklip edilmegi bilen razylaşmak islemeýändigi sebäpli, klubdan çykjakdygy barada habar peýda bolupdy.

Messi fransuz klubyna 2021-nji ýylyň tomsunda geçdi. Toparyň düzüminde ol dürli ýaryşlarda 74 oýna gatnaşdy we geçiren 32 goly, 35 şowly geçirişi bilen tapawutlandy. PSG bilen bilelikde iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy we bir gezek ýurduň naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

30-njy maýda “Foot Mercato” portaly Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” klubynyň Messä 1,2 milliard ýewro zähmet hakly iki ýyllyk şertnama teklip edendigini habar berdi. Maý aýynda “France Presse” agentligi şalykdaky näbelli çeşmä salgylanyp, meşhur futbolçynyň Saud Arabystanynyň toparlarynyň haýsy-da bolsa birine geçmek meselesiniň "eýýäm çözülendigini" habar beripdi.

Mundan başga-da, hüjümçiniň karýerasyny ABŞ-da dowam etdirmek mümkinçiligi bar. Ispaniýanyň “Sport” gazetiniň berýän maglumatlaryna görä, “Inter Maýami” kluby Messä ýylda 50 million dollar zähmet hakly dört ýyllyk şertnama hödürleýär. Şertnamanyň şertleri oýunçyny ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çykarmak mümkinçiligini öz içine alar.

KHBS-niň berýän habaryna görä, Messi “Barselonanyň” teklibine garaşýar, klubyň ýolbaşçylary heniz argentinala ýüz tutmadylar. Geçişi resmileşdirmek üçin, maliýe kynçylyklary sebäpli, klubyň Ispaniýa çempionatynyň ýolbaşçylary bilen ylalaşmalydygy bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026