Türkmenistanda «Adalatçynyň diwany + jemgyýetçilik guramalary» mehanizmini dörederler


Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň we goramagyň milli ulgamyny pugtalandyrmak üçin «Adalatçynyň diwany (Ombudsmeniň apparaty) + jemgyýetçilik guramalary» formatynda Milli öňüni alyş mehanizmine badalga berer.
Başlangyç Türkmenistanyň adam hukuklary babatyndaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň arasynda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge niýetlenendir.
Iş ýüzünde «Adalatçynyň diwany + jemgyýetçilik guramalary» mehanizmi adalatçynyň ilat tarapyndan berlen arzalara we tekliplere seretmek mümkinçiligini giňeltmek üçin adalatçy bilen raýat jemgyýetiniň arasyndaky aragatnaşygyň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Täze mehanizm BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistandaky adalatçynyň diwanynyň Finlýandiýanyň goldaw bermeginde «Türkmenistanda adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde ýerine ýetiriler.
BMGÖM ozal adam hukuklaryny öňe sürmek we sosial goraglylygy gowulandyrmak üçin ilatyň gowşak toparlaryna, şol sanda mümkinçiligi çäklendirilen adamlara we zenanlara aýratyn üns berip, Finlýandiýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edipdi.
ORIENT habarlar








