Türk aşhanasynyň hepdeligi tamamlandy


Türk aşhanasynyň tamamlanan hepdeligi türk gastronomiýasynyň ýene-de bir milletara baýramy boldy. Bu ýyl ol ikinji gezek geçirildi we Hataý sebitine bagyşlandy, şol atdaky welaýat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory tarapyndan «Gastronomiýa şäheri» diýlip yglan edilipdi.
Türk aşhanasynyň hepdeligi Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan geçirildi. Oňa gatnaşyjylara ýerli önümlerden Hataýyň däp bolup gelýän tagamlaryny taýýarlamak teklip edildi. Şunda onuň dürli häzirki zaman meýillerine jogap bermek ukybyny, baý dürlü-dürlüligini açmalydy.
Türk aşhanasynyň Hepdeliginde hödürlenen hataý menýusyna biberli ekmek (gyzyl burçdan edilen pastaly çörek), zeýtunly salat, gymyz, kysyr (ýenjilen bulgur tüwisinden edilen salat), tepsi kebap (peçde bişirilýän kebap) we künefe (kadaif un aşyndan we peýnirden edilýän süýjülik) girdiler.
Gatnaşyjylar iş ýüzünde türk aşhanasynyň inçe syrlaryny başdan geçirdiler, onuň esasyna bolsa ekologiki taýdan arassalyk we «nol galyndy» konsepsiýasy girendir. Myhmanlaryň türk aşhanasynyň hemme taraplaryna baha berip bilmekleri üçin olara türk kofesi, çaý we rahat-lukum hödürlendi.
Hataý ösen aşhana medeniýetine we janly gastronomiki jemgyýete eýedir, ol ýerden çykan köp sanly baş-aşpezler däp bolup gelýän restoranlarda işleýärler. Sebitde däp bolup gelýän azyk önümleriniň bazarlary we azyk senagaty saklanyp galypdyr, ol ýerde gastronomik festiwallar, bäsleşikler we beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär, olar däp bolup gelýän aşhana medeniýetini saklamaga we ýaýratmaga ýardam edýärler.
Ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem dürli çäreleri, şol sanda sosial torlarda kampaniýalary guramak arkaly hataý aşhanasynyň däp bolup gelýän tagamlary hakynda gürrüň berip, türk aşhanasynyň Hepdeligini baýram etmäge goşuldylar.
ORIENT habarlar








