Türkmen göreşijileri Rumyniýada geçen halkara ýaryşynda dört medal gazandylar


Grek-rim we erkin göreş boýunça türkmen türgenleri 25-nji maýdan 31-nji maýa çenli Buharestde (Rumyniýa) geçen Dumitru Pirvulescu & Vasile Iorga-2023 halkara ýetginjekler ýaryşynda dört medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Sport göreşleri federasiýasynda habar berdiler.
Türkmen erkin göreşijileri Şageldi Annaýewiň ýolbaşçylygynda iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
Hormat münberiniň ikinji basgançagyna 57 kg çenli agram derejesinde Amir Hamaýun we 61 kg agramda Nurýagdy Baýramdurdyýew çykdylar.
Orazmuhammet Hojalyýew bürünç medalyň eýesi boldy (86 kg çenli).
Türkmen ýygyndysynyň hazynasyna ýene-de bir medaly grik-rim göreşi boýunça wekili Abdualy Rahymbaýew getirdi, ol 55 kg çenli agramda ikinji ýeri eýeledi.
Ýaryşy gurnaýjylar bolup Göreşiň birleşen dünýäsi we Rumyniýanyň sportuň bu görnüşi boýunça Federasiýasy çykyş etdiler.
Artur PETROSÝANS








