Futbol boýunça Türkmenistanyň topary Moskwa ýygnanyşyklara ugraýar


Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 3-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda Moskwada okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirer. Milli toparyň oýunçylary Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň Aşgabatda geçjek birinji çempionatyna eýýäm taýýarlyk görüp başladylar.
ORIENT-iň habarçysyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar bermeklerine görä, Russiýanyň paýtagtyna uçuş ikinji iýuna meýilleşdirilendir. Ol ýerde topar bir hepde bolar we soňra CAFA Nations Cup-2023 gatnaşmak üçin Daşkende ugrar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň Mergen Orazowyň baştutanlygyndaky tälimçiler ştaby ýakynda boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we ýaryşa 25 futbolçyny çagyrdy.
Nazary okuw bilen bir hatarda hünärmenler türgenler üçin amaly sapaklary hem geçirerler. Topary öňde boljak ýaryşlara taýýarlamagyň tertipnamasy eýýäm belli boldy.
Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň birinji çempionaty 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli geçer.
Bije atyşlygyň jemleri boýunça türkmen topary «A» toparda Özbegistan, Täjigistan we Oman bilen oýnar. Bu kwartetiň oýunlary Daşkentde geçer.
CAFA Nations Cup-2023-de özüniň ilkinji oýnuny Türkmenistanyň ýygyndysy 11-nji iýunda Täjigistanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer. Ikinji tapgyrda türkmen futbolçylary Özbegistanyň garşysyna oýnarlar. Toparlaýyn tapgyryň tamamlaýjy tapgyry 17-nji iýunda türkmen toparyny Omanyň ýygyndysy bilen duşurar.
«B» toparda Bişkekde Eýranyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýygyndylary çykyş ederler.
Reglamente laýyklykda toparlaýyn tapgyrda oýunlar bir aýlawda geçer. Iki toparyň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Öz kwartetlerinde ikinji bolan toparlar üçünji ýer üçin göreşerler.
ORIENT habarlar








