Arkadag şäherine GDA-nyň paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň Halkara birleşmeleriniň agzalarynyň wekiliýetleri gelip görerler


«Akyly» tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin GDA-nyň Paýtagtlarynyň we iri şäherleriniň halkara assambleýasyna girýän şäherleriň wekiliýetleri Arkadag şäherine çagyrylarlar. Bu barada ŞHA-nyň baş direktory Wladimir Seliwanow assambleýanyň Habarowsk şäherinde geçirilen XXIX sessiýasynda habar berdi.
«Akylly şäher» – bu häzirki günde ara alyp maslahatlaşmak üçin örän möhüm temadyr. Biziň assambleýamyz eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri bu ugry ösdürmek bilen meşgullanýar. Tomus bolsa men GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzüminde Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 km uzaklykda gurulýan Arkadag şäherine baryp görmegi meýilleşdirýärin. Ol bar bolan akylly tehnologiýalary ulanyp, noldan başlap gurulýar, ol tehnologiýalar adamlaryň durmuşyny rahat we has howpsuz etmelidir. Tanyşdyrylyşdan soňra biz ol ýere ŞHA-na girýän şäherleriň wekiliýetlerini çagyrmaklygy meýilleşdirýäris» – diýip, Seliwanow aýtdy.
Habarowsk şäherinde geçen duşuşygyň gün tertibi şäher giňişligini sanlylaşdyrmagyň, şäher gurluşygynda innowasion çözgütleri ulanmaklygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.
«GDA-nyň ŞHA — bu işewürligiň şäher tehnologiýalaryny we tejribäni görkezip biljek, has gowusy bolsa assambleýanyň işi bilen baglanyşykly barlanylan tejribäni görkezip biljek ajaýyp ýeridir, ŞHA-nyň beýleki agza-şäherleri üçin girizip we köpeldip boljak ýeridir» - diýip, «GDA-nyň ykdysady ösüşiň işewür merkezi» birleşmesiniň baş direktory Wadim Ganin belledi.
Jemgyýetçilik täjirçilik däl birleşmesi bolan Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy 1998-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda şäherleri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki hereketleri guramak üçin döredilipdi. Häzirki wagtda ol Russiýanyň 53 şäherini we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan 33 şäherini bir gurama birleşdirýär.
ORIENT habarlar








