2023-nji ýyldaky dünýäniň iň gymmat brendleri atlandyryldy


Amazon ýene-de Global 500 2023-de dünýäniň iň gymmat brendleriniň birinji ornuny eýeledi. Reýting Brand Finance tarapyndan – brendlere baha bermek we strategiki maslahat bermeler bilen meşgullanýan dünýäde öňdebaryjy garaşsyz kompaniýa tarapyndan düzüldi.
Bu ýylda 51 mlrd ABŞ-nyň dollary möçberindäki ýitgä garamazdan, Amazonyň bahasy 299,3 mlrd dollara deň boldy.
297,5 mlrd ABŞ-nyň dollary bilen Apple dünýäde ikinji iň gymmat brend boldy, üçünji ýerde bolsa amerikan Google transmilli korporasiýasy ýerleşdi. Onuň bahasy 281,4 mlrd ABŞ-nyň dollaryna deň diýlip bahalandyryldy.
Gowy ýerine ýetirilen strategiýa bilen ösüşiň oňyn dinamikasyny Instagram we LinkedIn görkezdiler.
Reýtinge jemi 48 tehnologik brend girizildi. Bu geçen ýyldakydan iki esse azdyr. Olaryň arasynda Samsung Group, Alibaba.com, Facebook, Tesla bar.
ORIENT habarlar








