HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 29, 2023 | 23:12 |8771
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen
baglanyşykly hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi duşenbe güni
Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça
bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen
baglanyşykly hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi duşenbe güni
Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça
bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesi duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew we BSG-e goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermen, Türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Gepleşiklerde türkmen tarapynyň BSG-nyň sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlandygy we tassyklandygy aýdylýar. Maksatnamada bu ugurda anyk çäreleriň görkezendigi bellendi.

Maýka Oşikawa, Türkmenistanyň BSG-ä girmegine taýýarlyk çärelerini tamamlamak üçin köp sanly meseläni ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň taýýarlan maksatnamasy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda daşary söwda tertibi hakynda Ähtnama taýýarlamak üçin işjeň içerki işler alnyp barylýar. Resminamanyň tabşyrylmagy BSG-e girmegiň şertlerinden biridir.

Şeýle hem, türkmen diplomaty Pudagara hökümet toparynyň BSG-e girmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, halkara maliýe guramalary - YÖB we AÖB bilen gatnaşyklar ýola goýlandygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026