Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi


Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde žurnalistlere habar berdi.
Häzirki hereket edýän alyş-çalyş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistan Eýrana gaz iberýär, şondan soň Eýran Azerbaýjana şonça möçberdäki mawy ýangyjy eksport edýär.
– Türkmenistan gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji ýurtdyr, Eýranyň bolsa öz ýurdunyň çäginde import we daşama üçin her gije-gündizde 40-50 million kub metr gazy kabul etmäge mümkinçiligi bar, bu iki ýurt üçin hem bähbitlidir – diýip, Oji belledi.
Nebit ministri Eýranyň gaz importy üçin Türkmenistana “köne” bergisi barada durup geçip, öňki hökümete degişli 1,650 million dollarlyk berginiň 13-nji hökümet tarapyndan Eýranyň Merkezi Bankynyň gatnaşmagynda doly tölenendigini aýtdy. Bu mesele iki ýurduň arasynda energiýa pudagynda esasy meseleleriň biri bolupdy.
Şeýle hem, ol sişenbe güni türkmen tarapy bilen nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça geçirilen gepleşiklerde tehniki we inženerçilik hyzmatlaryny eksport etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.
Ojiniň pikiriçe, şu ýyl Eýranda gaz önümçiliginiň 30-40 million kub metr artmagyna garaşylýar.
ORIENT news








