HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Minskde GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler

Maý 31, 2023 | 00:15 |7038
Belarus döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa
boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler. Ol 26-njy iýunda başlar we 1-nji iýula
çenli dowam eder – diýip, BelTA agentligi habar berýär.Belarus döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa
boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler. Ol 26-njy iýunda başlar we 1-nji iýula
çenli dowam eder – diýip, BelTA agentligi habar berýär.
Çeşme: belta.by

Belarus döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler. Ol 26-njy iýunda başlar we 1-nji iýula çenli dowam eder – diýip, BelTA agentligi habar berýär.

Bilim kämilleşdiriş çäresine arkalaşygyň ýurtlaryndan ykdysady we geografiki hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Mekdebe bäsdeşlik esasynda girip bolar - "Jemgyýetiň gündelik durmuşynda we döwletiň ösüşinde demografiýanyň roly" mowzugyndaky iň oňat düzmeleriň awtorlary mugt bilim almak hukugyna eýe bolarlar. Düzmäni arza bilen bilelikde 12-nji maýa çenli guramaçylaryň salgysyna ugratmaly.

Bu çäräniň BDU-niň alymlaryna geljekki hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döretmegine we demografiýa pudagyndaky bilelikdäki taslama işleri arkaly olaryň hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasyny artdyrmagyna garaşylýar. Demografiýa we geografiýa maglumat ulgamlary (GMU) tehnologiýalary boýunça Belarusyň öňdebaryjy bilermenleri ArcGIS programma toplumynda işlemek we giňişlikdäki maglumatlary öwrenmek boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Diňleýjiler Belarusyň Milli statistika komitetiniň açyk statistik maglumatlar binýady bilen tanşarlar we mekdebiň mowzugy boýunça kiçi taslamalary taýýarlarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026