HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçüleri dünýä Kubogyna çykmak üçin göreşerler

Maý 30, 2023 | 10:08 |5704
Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda küşt boýunça dünýä Kubogynyň final tapgyryna çykmak üçin zonal ýaryşa gatnaşýarlar.Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda küşt boýunça dünýä Kubogynyň final tapgyryna çykmak üçin zonal ýaryşa gatnaşýarlar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda küşt boýunça dünýä Kubogynyň final tapgyryna çykmak üçin zonal ýaryşa gatnaşýarlar.

ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň Küşt federasiýasynda habar bermeklerine görä, häzirki saýlama tapgyra türkmen wekiliýetiniň düzümi 10 adam ybarat bolup, onuň hatarynda şol sanda ýedi türgen - martda geçen ýokary liganyň oýunlarynyň ýeňijileridir we baýrakly orunlara mynasyp bolan küştçülerdir.

Erkekler toparyna: üç dogan — Maksat, Saparmyrat we Ýusup Atabaýewler girdiler. Läle Şöhradowa, Merýem Agajanowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa zenanlar ligasynda medal ugrunda göreşerler.

Türkmen küştçüleri ýaryşda Şahruh Turaýewiň we Aýnur Isaýewanyň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler. Wekiliýetiň ýany bilen şeýle hem Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew hem gidýär.

Duşenbede başlanan zonal saýlama tapgyryň netijeleri boýunça Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 40-dan gowrak küştçi dünýä Kubogyna üç sany ýollanmanyň ykbalyny çözer (ikisi erkekleriň arasynda we biri zenanlaryň arasynda). Ýaryş 2-nji iýunda tamamlanar.

Chess World Cup Bakuda 29-njy iýuldan 22-nji awgust aralygynda geçer. Ýaryş 309 küştçüni ýygnar (206 erkek we 103 zenan seksiýasynda). Bu — Azerbaýjanyň kabul edýän ikinji dünýä Kubogydyr. Ilkinji gezek ol bu ýurduň paýtagtynda 2015-nji ýylda geçirilipdi.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026