HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň BIÝK: Merkezi Aziýa dünýäde raýatsyzlygy ýok eden ilkinji sebit bolup biler

Maý 30, 2023 | 15:30 |6505
BMG-nyň BIÝK, BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Guramasy, şu gün sişenbe
güni Almatyda, Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň, raýat jemgyýetiniň we BMG-
nyň beýleki guramalarynyň wekilleriniň ýokary derejeli işgärleriň gatnaşmagynda
raýatsyzlygy ýok etmek boýunça tegelek stol geçirdi.BMG-nyň BIÝK, BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Guramasy, şu gün sişenbe
güni Almatyda, Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň, raýat jemgyýetiniň we BMG-
nyň beýleki guramalarynyň wekilleriniň ýokary derejeli işgärleriň gatnaşmagynda
raýatsyzlygy ýok etmek boýunça tegelek stol geçirdi.
Çeşme: unhcr.org

BMG-nyň BIÝK, BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Guramasy, şu gün sişenbe güni Almatyda, Merkezi Aziýanyň hökümetleriniň, raýat jemgyýetiniň we BMG- nyň beýleki guramalarynyň wekilleriniň ýokary derejeli işgärleriň gatnaşmagynda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça tegelek stol geçirdi.

Çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy.

Pikir we maglumat alyşmak, BMG-nyň BIÝK-yň Global Hereket meýilnamasynda göz öňünde tutulan 2024-nji ýyla çenli sebtdäki raýatsyzlygy ýok etmek maksadyna ýetmäge gönükdirilendir. Milli we halkara hünärmenler amaly tejribe we meseläni netijeli çözmek üçin strategiýalary paýlaşdylar.

Gürrüň çaga dogluşynyň ähliumumy hasaba alynmagyny üpjün etmek, kanuny kepillikleri güýçlendirmek, raýatsyzlyk konwensiýalara goşulmagy öňe sürmek, raýatsyzlyk baradaky maglumatlary we statistikany gowulandyrmak we şu ýylyň ahyrynda Ženewada geçiriljek Global Bosgunlar Forumy üçin raýatsyzlyk bilen baglanyşykly borçnamalary ösdürmek barada boldy. Gepleşikleriň çäginde, adam hukuklaryny goramak we Merkezi Aziýa sebtinde raýatsyzlygy ýok etmek üçin hyzmatdaşlygyň we maglumatlara esaslanýan çemeleşmeleriň möhümdigi bellenildi.

BMG-nyň BIÝK-yň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleýin direktory Indrika Ratwatteniň pikiriçe, Merkezi Aziýa dünýäde raýatsyzlygy ýok eden ilkinji sebit bolup biler.

Bu ugurda Türkmenistanyň tejribesi aýratyn üns çekmeläge mynasypdyr. Umuman aýdanyňda, soňky 15 ýylda 28 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy. Diňe geçen 2022-nji ýylda 25 milletiň 1530 wekili türkmen raýatlygyny aldy.

BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissary Filippo Grandi ýurduň şeýle tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine we beýleki döwletler üçin görelde bolup biljekdigine ynanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026