Wise-premýer Amannepesow Çolpon-Atada ÝB-MA sammitinde Türkmenistana wekilçilik eder


Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow 2-nji iýunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek ÝB- Merkezi Aziýa sammitine gatnaşar. Çärä Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow ýolbaşçylyk eder. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Şeýle hem sammite Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel gatnaşar.
Häzirki hyzmatdaşlyk we iki sebitiň arasyndaky söwda, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky ösüşler ara alnyp maslahatlaşylar. Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda möhüm halkara meseleleri we hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşylar.
Prezident Sadyr Žaparowyň wekiliýet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirjekdigi habar berildi.
Ertesi gün, 3-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň Gyrgyz Respublikasyna resmi sapary bolar.
ORIENT news








