HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo E&C” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen täze senagat taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Maý 30, 2023 | 00:10 |13866
Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering &
Construction” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won Joony kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering &
Construction” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won Joony kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won Joony kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy we diplomatik, söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň oňyn dinamikasyny belläp geçdi. Uly koreý kompaniýalary Türkmenistanyň gaz, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikler hem ösüşiň täze basgançaklaryna çykdy.

Özara gatnaşyklaryň derwaýys mowzuklarynyň arasynda himiýa senagaty bellendi, bu ugurda Türkmenistan tebigy çig mala baý gorlaryny özleşdirmegi, içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanýan önümleri öndürmegi, häzirki zaman daşky gurşaw talaplaryny göz öňünde tutup, önümçiligi innowasiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy maksat edinýär.

"Türkmenhimiýa" DK-niň we "Daewoo E&C" kompaniýasynyň netijeli aragatnaşyklary ýola goýandygy we bu babatda türkmen tarapynyň himiýa pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda ammiak we karbamid, fosfat dökünleri öndürýän zawodlary gurmak baradaky koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenip geçildi.

Mundan başga-da, taraplar täze şäherleri ösdürmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan, Koreýanyň akylly şäher tehnologiýalary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyndaky ösüşler Türkmenistan üçin gyzyklanma döredýär. Şeýle hem ýurt ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Jong Won Joo ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen bazarynda giňden ornaşmak meýillerini tassyklady.

Şol gün milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daewoo E&C kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşyp, bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada jikme-jik pikir alyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026