HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan Türkmenistanda söwda wekilini belledi

Maý 27, 2023 | 22:32 |10075
Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky
ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky
ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.
Çeşme: twitter.com/AfghanistanInTM

Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda söwda attaşesini belledi.

"Khaama Press" habarlar agentliginiň Owganystanyň Söwda ministrliginiň twitter maglumatyna salgylanyp berýän habaryna görä, Muhammet Harun Saýedi Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda wekili hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Dabara Owganystanyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Fazal Muhammet Sabir we başga-da birnäçe maýadarlar gatnaşdy.

Sabir söwda we maýa goýumlaryny höweslendirmekde, şeýle hem ýakyn ýyllarda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde attaşeniň möhüm ornuny belledi.

"Khaama Press" agentligi Türkmenistanyň Owganystany täzeden gurmak ugrundaky tagallalaryna ünsi çekip, ýurduň Owganystanyň halkyna möhüm kömek iberendigini we de-fakto häkimiýetleri birnäçe gezek inklýuziw hökümet gurmaga we aýal-gyzlaryň, dini azlyklaryň we etnik toparlaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrandygyny aýtdy.

Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi söwda attaşeleriniň Pakistanda we Eýranda hem bellenendigini we ýakyn wagtda Stambulda-da bellenilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Turkish Airlines Aşgabat–Stambul ugrunda Business Class-a geçmek üçin arzanladyş yglan etdi

Turkish Airlines Aşgabat–Stambul ugrunda Business Class-a geçmek üçin arzanladyş yglan etdi

22:05 Iýul 04, 2026
«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy

«Aeroflot» «Belavia» bilen bilelikde bitewi petekleri Türkmenistan ugruna satuwa çykardy

21:50 Iýul 04, 2026
Ýewropa Komissiýasy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlaryň ulanylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär

Ýewropa Komissiýasy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlaryň ulanylmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär

20:03 Iýul 04, 2026