Serdar Berdimuhamedow bilen Jon Kerriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň esasy mowzugy halkara daşky gurşaw gün tertibiniň möhüm meseleleri boldy.
Söhbetdeşlik 29-njy maý, duşenbe güni geçirildi. Taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen , ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi. Bu barada "Altyn Asyr" teleýaýlymynyň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Türkmenistan bu ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de oňa goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
“Ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.
Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezini açmagy teklip etdi. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Telefon arkaly söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi – diýlip habarda bellendi.
ORIENT news








