HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde şaý-sep önümleriniň ilkinji halkara sergisi geçirilýär

Maý 28, 2023 | 16:32 |9522
27-28-nji maýda Daşkentde Uzbek Jewellery Fair-2023 häzirki zaman
enjamlarynyň, tehnologiýalaryň we şaý-sepleriň ilkinji Halkara sergi-satuwy geçirilýär.
Bu sergä özbek we öňdebaryjy dünýä şaý-seplerini öndürijiler, lomaý we bölek
söwdanyň wekilleri, Italiýa, Saud Arabystany we Türkiýe ýaly 10-dan gowrak ýurtdan
şaý-sep önümleriniň importy we eksporty bilen meşgullanýan logistika kompaniýalary
gatnaşýar.27-28-nji maýda Daşkentde Uzbek Jewellery Fair-2023 häzirki zaman
enjamlarynyň, tehnologiýalaryň we şaý-sepleriň ilkinji Halkara sergi-satuwy geçirilýär.
Bu sergä özbek we öňdebaryjy dünýä şaý-seplerini öndürijiler, lomaý we bölek
söwdanyň wekilleri, Italiýa, Saud Arabystany we Türkiýe ýaly 10-dan gowrak ýurtdan
şaý-sep önümleriniň importy we eksporty bilen meşgullanýan logistika kompaniýalary
gatnaşýar.
Çeşme: miit.uz

27-28-nji maýda Daşkentde Uzbek Jewellery Fair-2023 häzirki zaman enjamlarynyň, tehnologiýalaryň we şaý-sepleriň ilkinji Halkara sergi-satuwy geçirilýär. Bu sergä özbek we öňdebaryjy dünýä şaý-seplerini öndürijiler, lomaý we bölek söwdanyň wekilleri, Italiýa, Saud Arabystany we Türkiýe ýaly 10-dan gowrak ýurtdan şaý-sep önümleriniň importy we eksporty bilen meşgullanýan logistika kompaniýalary gatnaşýar.

Serginiň açylyş dabarasynda Özbegistanyň soňky ýyllarda zergärçilik işini ösdürmäge we bu pudagy senagatyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň durmuşa geçirendigi bellenildi. Hususan-da, pugta hukuk binýady döredildi, gymmat bahaly metallary bahasynyň 15 göterimini öňünden tölemek we galan böleginiň tölegini 180 günlük möhlet bilen yza süýşürmek şerti bilen haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlemäge rugsat edilýär. Senagatyň önümçilik kärhanalarynyň sany 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,2 esse artyp, 448-e ýetdi, pudakda işleýänleriň sany bolsa 4,5 müň adama ýetdi. Ýurduň zergärçilik pudagynda Sofizar, Gavhar Jewel Group, Fonon ýaly täze önümçilik kompaniýalary döredildi – diýlip, Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlary, senagat we söwda ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

imgpsh_fullsize_anim (10).jpg

Sergä gatnaşyjylaryň stendlerinde kümüşden, altyndan, beýleki gymmat bahaly metallardan we daşlardan ýasalan şaý-sepler, bezegler, moda esbaplary, goşar we diwar sagatlarynyň ýygyndylary görkezilendir. Önümçilikde ulanylýan häzirki zaman enjamlar, gurallar, täze tehnologiýalar hem sergilenipdir.

Bu ýere gelýänler diňe önümler bilen tanyşman, eýsem halan harytlaryny özüne çekiji bahalar boýunça satyn alyp bilerler.

imgpsh_fullsize_anim (11).jpg

Uzbek Jewellery Fair-2023 sergi-ýarmarkasynyň işewürlik maksatnamasynyň çäginde içerki we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýän B2B görnüşdäki duşuşyklar hem guraldy.

Netijelere görä, zergärçilik önümlerini öndürijileriň arasynda “Çaruýuşiý Wostok” (Jadylaýjy Gündogar) bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenip, olara Uzbek Jewellery Fair- 2023 sergisiniň baýraklary gowşurylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

20:02 Iýul 15, 2026
ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

18:00 Iýul 15, 2026