Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiligi başlanýar — nämeleri bilmeli


5-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň birinjiligi geçiriler.
Ýaryş Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan iň gowy türgenleri ýygnar.
Ýaryşyň öňüsyrasynda Aşgabatda KHBS-niň wekilleri üçin brifing boldy, ol ýerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, sport ussady Eziz Döwletow bu birinjilige degişli žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
Ozal Aşgabat şuňa meňzeş ýaryşy kabul edipdi. 2019-njy ýylda türkmen tennisçilerine bürünç medallary gazanmak miýesser edipdi. Dört ýyldan soňra öňdebaryjy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda — Ýuriý Rogusskiýniň, Andreý Dowmatowyň – türgenlere ýene-de baýrak ugrunda göreşe girmek garaşýar.
Ýaryşyň jübütli we birlikdäki razrýadlary görnüşindäki tutluşyklar döwrebap ýapyk kortlarda geçer. Ýaryşlaryň baş emini bolup eýranly Seftedžani Mohammadhassan Laçinani çykyş eder. Birinjiligiň final oýunlary 9-njy iýunda geçiriler.
Ýaryşyň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň paýtagtyna Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýa sebitiniň kuratory Amir Borgeýi, Halkara tennis federasiýasynyň bilermeni Pýotr Unežiski (Polşa), Aziýanyň Tennis federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Manprit Kandhari, Özbegistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Iroda Tulýaganowa, Gyrgyz Respublikasynyň Tennis federasiýasynyň başlygy Nurdin Medetow, Täjigistanyň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Abdurasul Muhidinow gelerler.
Sözüniň soňunda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow häzirki wagtda ýurtda dürli ýaşdaky adamlary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga çekmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, Aşgabatda bu ýaryşyň geçirilmeginiň bolsa gatnaşyjylaryň höwesini ýokarlandyrmak we oýun derejesini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça höweslendirme boljakdygyny belledi.
ORIENT habarlar








