HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Maý 27, 2023 | 14:45 |9701
2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş
edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň
işine Türkmenistan hem gatnaşdy – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
metbugat beýanatynda aýdylýar.2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş
edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň
işine Türkmenistan hem gatnaşdy – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
metbugat beýanatynda aýdylýar.
Çeşme: mfa.gov.tm

2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistan hem gatnaşdy – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlary tassyklady we olary gün tertibine girizdi:

«ÝUNESCO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;

«Welosiped – hemmeler üçin» başlangyjy durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamagyň hatyrasyna;

«Daşkent Jarnamasyny we kiçi ýaşly çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek maksady bilen çäreleri görmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek.

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar. Mejlisde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we kararlar kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026