FIFA we BSGG sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin hyzmatdaşlygy uzaltdylar


Ženewada (Şweýsariýa) geçýän 76-njy Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň barşynda BSGG-nyň baş direktory Tedros Gebreýesus we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 4-nji oktýabrda güýje giren özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy uzaltmagy ylalaşdylar. Resminama ýene-de 4 ýyla uzaldyldy.
«Saglyk we futbol – topar boýunça iň gowy hyzmatdaşlardyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini, stadionlardaky howpsuzlygy, şeýle hem fiziki işjeňligiň beden we ruhy artykmaçlyklaryny wagyz etmek, saglygy goraýyş babatyndaky köp maksatlaryň sanyna girýär, olara ýetmek ugrunda BSGG-y geljek dört ýylyň dowamynda buýsanç bilen FIFA bilen bilelikde zähmet çeker» - diýip, Gebreýesus beýan etdi, BSGG-nyň FIFA bilen hyzmatdaşlygy sebäpli ähli ýaşdaky adamlara sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini alyp barmaga kömek etmek üçin hakyky maglumatlara esaslanýan habarnamalary ýaýratmagyň mümkin bolandygyny belledi.
Öz gezeginde, Janni Infantino FIFA-nyň ähtnamanyň uzaldylmagy bilen buýsanç duýýandygyny aýtdy we BSGG-nyň baştutanyna, onuň ajaýyp toparyna, saglygy goraýyş pudagynda kömek edýänleriň ählisine – lukmanlardan başlap şepagat uýalaryna çenli, saglygy goraýyş işgärlerine we saglygy goraýyş ministrlerine – adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaga goşant goşýanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
ORIENT habarlar








