Türkmen wekiliýeti Astana halkara forumyna gatnaşar


Astana halkara forumy - AIF 2023 8-9-njy iýunda Gazagystanyň paýtagtynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň howandarlygynda geçiriler. 40 panele we ugurdaş çärelere onlarça halkara spiker we moderator gatnaşar. Forumyň iň esasy temasy - Merkezi Aziýa we onuň täze kynçylyklaryň öňünde dünýä arenasyndaky orny.
Şeýlelik bilen, forumyň “Merkezi Aziýanyň arabaglanyşygyny suratlandyrmak” mowzugyna degişli bölüminde diňe bir sebitiň soňky birnäçe ýylda agyr zarba urlan global üpjünçilik zynjyryny gaýtadan dikeltmekdäki ähmiýeti däl, eýsem Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň bazarlaryny birleşdirmek meselesi, şeýle-de sebitiň ulag we logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakdaky orny we mümkinçilikleri öwreniler.
Şeýle-de, AIF 2023-iň maksatnamasy “Köptaraplaýyn söwda ulgamynda Merkezi Aziýa: BSG-ä girmegiň şertleri”, “Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny guramak” atly sessiýalary öz içine alýar. Şeýle hem BSG-niň baş müdiri Ngozi Okonjo-Iwealanyň Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlarynyň söwda ministrleri bilen duşuşygy geçiriler.
Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow “Durnukly söwdany açmak: sanlaşdyrmagyň roly” diýen tema boýunça we Türkmenistanyň Energetika ministri Hajymuhammet Rejepmyradow bolsa "Sebitlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi: energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň alternatiw ýollary" mowzugynda çykyş ederler.
Şeýle hem forumda energiýa howpsuzlygy we tebigy energiýanyň täze energiýa geçiş ýolundaky orny, uglerod bitaraplygy ýolundaky uglerod maliýeleşdiriş bazary, elektron söwdadan kagyzsyz serhetlere geçiş we başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Umumy mejlise Katar döwletiniň emiri Tamim Bin Hamad Al Taniniň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Halkara Walýuta Gaznasynyň Dolandyryjysy Kristalina Georgiýewanyň, ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Odre Azuleniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news








