Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-nyň Owganystana ýardam missiýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi


Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan üçin ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi.
Penşenbe güni UNAMA-nyň başlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew bilen duşuşyp, sebit howpsuzlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Hajyýewiň belleýşi ýaly, «Türkmenistan goňşy ýurduň howpsuzlygy we durnuklylygy, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşi bilen gyzyklanýar. Bu nukdaýnazardan, Owganystan meseleleri boýunça ýurtlar bilen BMG-nyň arasynda giň özara gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda UNAMA bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklamagyň ähmiýetine üns berildi»,-diýip DIM-niň habarynda aýdylýar.
Türkmenistan Owganystandaky syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça halkara tagallalarynyň çäginde işjeň işleýär, goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwerlik ýüklerini iberýär, ol ýerde sosial desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär, TAPI gaz geçirijisini, TAP elektrik geçiriji liniýalary gurmak, demir ýollary abatlamak, täze ýollar gurmak we ş.m. ýaly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurduň ykdysady taýdan dikelmegine goşant goşýar.
Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Owganystanyň durkunyň täzelenmegi we dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde has ýakyn hyzmatdaşlyga garaldy.
ORIENT news








