HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan üçin ýörite wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrüldi

Maý 26, 2023 | 14:19 |11161
Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan üçin
ýörite wekilleriniň ýygnanýan ýerine öwrüldi. Oňa gatnaşmak üçin ÝB-ň,
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri türkmen
paýtagtyna geldiler.Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan üçin
ýörite wekilleriniň ýygnanýan ýerine öwrüldi. Oňa gatnaşmak üçin ÝB-ň,
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri türkmen
paýtagtyna geldiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan üçin ýörite wekilleriniň ýygnanýan ýerine öwrüldi. Oňa gatnaşmak üçin ÝB-ň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler.

Duşuşygyň maksady, Owganystan boýunça 2021-nji ýylda wirtual formatda başlanan we 2022-nji hem-de 2023-nji ýyllarda kämilleşýän gepleşik platformasyny öňe sürmek.

Anna güni, 26-njy maýda gatnaşyjylar Owganystandaky ösüş we ykdysady ýagdaýy, Owganystanyň halkyna kömek etmek we umumy gyzyklanma döredýän ugurlarda özara gatnaşyklary güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Penşenbe güni ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala we ÝB- niň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyga Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.

Söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşyldy.

Ileri tutulýan ugurlar hökmünde sebitiň howpsuzlygy we ösüşi, daşky gurşaw meseleleri we howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» we sanly üýtgeşmeler, energetika hem-de ulag we logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk kesgitlenildi.

Taraplar Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdylar we hyzmatdaşlyga hem- de owgan meselesi boýunça giňişleýin gepleşik alyp barmaga degişli meselelere garadylar.

Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» formatynda öňdäki möhüm wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026