HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylarda Nýu-Ýorkuň Kino akademiýasynda okamak mümkinçiligi peýda boldy

Maý 25, 2023 | 10:51 |7783
Türkmenistandan kinematografistleriň hünär derejeli we höwesjeň toparlary gysga metražly filmleriň «48 sagatda düşürmeli» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.Türkmenistandan kinematografistleriň hünär derejeli we höwesjeň toparlary gysga metražly filmleriň «48 sagatda düşürmeli» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.
Çeşme: istockphoto.com

Türkmenistandan kinematografistleriň hünär derejeli we höwesjeň toparlary gysga metražly filmleriň «48 sagatda düşürmeli» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.

Kinematografistleriň toparlarynyň her ýylky geçirilýän Merkezi Aziýa bäsleşigi Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gyzyklanýan adamlary toplar, olar Nýu-Ýorkyň Kino akademiýasyna gitmek üçin göreşerler.

Bäsleşigiň reglamentine laýyklykda oňa gatnaşyjylar 48 sagadyň dowamynda dowamlylygy 4 minuda deň bolan gysga metražly filmi surata düşürmelidir. Gatnaşyjylary hasaba almak 12-nji iýuna çenli dowam edýär, toparlary 48hourfilmrace.com saýtynda hasaba alyp bolýar.

Gatnaşyjylar döredijilik ýumuşyny birleşdirip, gyzga metražly filmi döretmeli bolarlar. Bäsleşigiň çäklerinde döredilen işleri seçip almagyň — iň gowy – 48 işiň gysga sanawy we halkara eminleriniň jemleýji ses bermegi ýaly iki-tapgyrly derejesini geçerler. Iň gowy materiallary saýlap almagyň kriteriýsi şulary öz içine alar: tehniki hil, çeperçilik gymmaty, döredijilikli çemeleşme, işiň gutarnykly bolmagy.

Düzgünleriň ýerine ýetirilip düşürilen ähli filmleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinoteatrlarynda görkezerler we bäsleşigiň YouTube-kanalynda çykararlar.

«Iň gowy film» ugry boýunça ýeňiş gazanan döredijilik işgäri filmi döretmek boýunça dowamlylygy bir aý bolan Nýu-Ýorkuň Kino akademiýasyna intensiw kursa gitmek mümkinçiligini alar.

«Iň gowy talyplar filmi» we «Iň gowy höwesjeň film» ugry boýunça ýeňijiler bu akademiýada 15 hepdelik onlaýn-okuw üçin grant alarlar.

«48 sagatda düşürmeli» bäsleşigi 2015-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Gazagystandaky Diplomatik wekilhanasynyň goldaw bermeginde geçirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026