HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen futbolçysy Gonkongyň çempionatynda möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Maý 24, 2023 | 12:39 |8982
Türkmen futbolçysy, «Kitçiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 2022/23-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemleri boýunça Gonkongyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.Türkmen futbolçysy, «Kitçiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 2022/23-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemleri boýunça Gonkongyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Çeşme: Instagram.com / @ruslan_mingazov9

Türkmen futbolçysy, «Kitçiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 2022/23-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemleri boýunça Gonkongyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Möwsümiň iň gowy oýunçysy ady üçin ses bermede çempionatyň toparlarynyň kapitanlary we baş tälimçileri, Gonkongyň öňdebaryjy sport KHBS-niň baş redaktorlary gatnaşdylar.

Futbolçynyň özi sylagy almagy babatda öz pikirini şeýle beýan etdi: «Bu meniň futbol karýeramdaky iň gowy agşamlaryň biri. Bulary jemlemek bilen, men bir zady aýtmak isleýärin: bütin dünýädäki adamlaryň meniň häzirki başdan geçirýän bagtymy duýup biljeklerini umyt edýärin. Özümiň güneşli Türkmenistanyma aýratyn minnetdarlyk bildirýärin we meni goldaýan ähli adamlara hoşallygymy bildirýärin. Watanyma sag bolsun aýdýaryn, meniň üçin Türkmenistana wekilçilik etmek we üstünlik gazanmak uly hormatdyr» - diýip, futbolçy özüniň Instagramdaky sahypasynda paýlaşdy.

Çempionatyň geçen oýnunda Mingazow 17 gol geçirip, ýaryşyň iň gowy hüjümçisi boldy. Mundan başga-da, türkmen futbolçysy «Kitçiniň» düzüminde Gonkongyň Kubogyny gazandy, ýurduň çempiony boldy we Gonkong Senýor Şild baýragynyň eýesi boldy.

2023-nji ýylyň başynda «Kitçi» futbol kluby Ruslan Mingazow bilen şertnamanyň 2025-nji ýyla çenli uzaldylýandygyny yglan etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026