Dünýäde ilkinji eplenýän OLED-telewizory köpçülige görkezildi


Maglumaty şekillendirmek tehnologiýalary babatynda soňky işläp taýýarlamalaryň görkezilmegine bagyşlanan ýöriteleşdirilen halkara (SID) sergide TCL CSOT hytaý kompaniýasy dünýäde ilkinji eplenýän OLED-telewizoryny görkezdi. Bu barada ITHome portaly habar berýär.
Eplenýän telewizor diagonaly 65 dýuýma deň bolan OLED matrisany we 8K durulygy aldy. Gurluş täzeleniş ýygylygy 120 Gs bolan şekili görkezmäge ukyply we 100 müň sapara çenli açylyp-ýapylmaga çydap bilýär.
Şonuň bilen birlikde hytaý öndürijisi egreldilen ekranly miniLED görkezdi, ol awtoulaglarda ulanmaga niýetlenendir. Onuň diagonaly 47,5 dýuýma deňdir, durulygy - 9K. Täze zatlaryň arasynda şeýle hem diagonaly 57 dýuýma deň bolan ultra-giň oýun monitory bar, onuň taraplarynyň gatnaşygy 32:9 we täzeleniş ýygylygy 240 Gs deňdir.
Şeýle hem TCL kompaniýasy wirtual hakykylygyň äýnekleri üçin dünýäde ilkinji tapgyrlaýyn VR-displeýli miniLED görkezdi, onuň pikselleriniň dykyzlygy her dýuýmda 1512 piksele deňdir.
ORIENT habarlar








